ýykylmak

ýykylmak
işlik
1) Weýran bolmak, berbat bolmak, ýumrulmak.
∙ Ýorgany köprüsi ýykylan ýaplardan urduryp geçende bolsa, Halnazaryň üzeňňisini ýygyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
2) Göreşde garşydaşyňdan ýeňilmek, basylmak.
∙ Aý, ýykylsaň, uludan ýykyl diýen nakyl bar. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
∙ Göreş etse duşmanyndan ýykylmaz, Ýaşlara kän salam Ata Salyhdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
∙ Ýykylan, göreşden doýmaz. (Nakyl)
3) Taýyp, büdräp, aýagyň özüňe edem bermän, göwrän, bilen ýere gaýtmak.
∙ Synja gylmaga oturan Mämmetweli kündügine büdräp ýykyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Entedi, ýykyldy, ýene-de turdy. Diýdi: -- Ýap içinde ýatsam bor maňa. («Tokmak» žurnaly)
∙ Söýenişen ýykylmaz. (Nakyl)
4) Agdarylyp ýere düşmek, başaşak gaýtmak, bir zadyň üstünden ýere gaçmak.
∙ Sapar ýykylan bada eşek hem durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Eger ýykylaýsaň, çigidin çaşar bilgin şony! -- diýen. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)
5) Bir zadyň içine gaçmak, içine düşmek.
∙ Pil hem yzy bilen baryp, guýa ýykylyp ölüpdir. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)
6) Başga ugra akmak, agmak, böwsülmek (suw hakda).
∙ Näbelli sebäplere görä, iki sapar suw ýykylypdyr. (A. Gowşudow, Eserler)
7) Höküm sürmekden mahrum bolmak, häkimiýet ýolbaşçylygyndan ýok edilmek, agdarylmak.
∙ Ana, indi patyşa ýykylypdyr; nähili gönenýän bolsaňyz, göneniň göreýin! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
aýagyna ýykylmakseret aýak
∙ Jan gelnim, jan gelin, oglum gelýänçä, agtygymy eltjek bolma -- diýip, ýarym-ýaş bolup, gelniniň aýagyna ýykyldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
eşekden ýykylan ýaly bolmakÄme-säme bolmak, seňse bolmak.
∙ Meni edil eşekden ýykylan ýaly äne-säme etdi. («Tokmak» žurnaly)
gülüp kese ýykylylmakseret gülmek
∙ Birnäçesi gülüp, kese ýykyldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
şarpyldap ýykylmakBatly ýykylmak.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Полезное



Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»